Eýranda polisiýa merkezine hüjüm guraldy

Eýranyň Sistan-Belujistan welaýatynyň Rask şäherindäki polisiýa merkezine garşy guralan hüjümde 11 polisiýa işgäri ýogaldy

2077078
Eýranda polisiýa merkezine hüjüm guraldy

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen habara görä Sistan-Belujistan welaýatynyň gubernatorlygy düýn gije guralan hüjüm bilen bagly beýanat berdi. 

Beýanatda: "Rask şäherindäki polisiýa merkezine garşy guralan terrorçylykly hüjümde 11 adam şehit boldy" diýip habar berildi. 

Mundan başgada ýaragly topar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda köp sanda hüjümçiniň öldürilendigi beýan edildi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä hüjümiň jogapkärçiligini ýurduň günorta-gündogaryndaky Sistan-Belujistan welaýatynda barlygyny dowam etdirýän "Sebitdäki Sünni Buluç halkynyň hukuklaryny goraýandygyny" öňe süren we ýurtda terror guramasy hökmünde kabul edilýän "Jeýşul Adl" atly terror guramasynyň öz üstüne alandygy mälim edildi. 

 



Degişli Habarlar