Finlýandiýa Russiýa Serhedindäki 2 Gözegçilik Nokadyny Açar

Finlýandiýanyň Premýer-ministri Petteri Orpo ýurdunyň Russiýa bilen gündogar serhedindäki iki gözegçilik nokadyny 14-nji dekabrda gaýtadan açjakdygyny beýan etdi.

2075941
Finlýandiýa Russiýa Serhedindäki 2 Gözegçilik Nokadyny Açar

Orpo geçiren metugat ýygnagynda gaýtadan açyljak iki gözegçilik nokadynyň ýurduň günorta-gündogaryndaky Waalimaada we Niiraladada ýerleşýandigini mälim etdi.

Finlýandiýanyň Russiýa bilen gündogar serhedinde biri otly geçişlerine açyk bolan 9 geçelge bar. Premýer-ministr Orpo 14-nji dekabrda gaýtadan açyljak iki gözegçilik nokadyndan daşgary geçelgeleriň ýapyl bolmagynda galjakdygyny aýtdy.

Finlýandiýanyň İçeri işler ministri Mari Rantanen bolsa kararyň 14-nji ýanwara çenli güýjüni saklaýandygyny aýtdy we Russiýanyň fin tarapyna basyş etmek üçin immigrant hereketlerinden peýdalanýandygy bilen bagly şübheler gaýtadan ýüze çykan halatynda hökümetiň dessine işe girişjekdigini aýtdy.

Finlýandiýanyň Serhet goragçylarynyň beýan etmegine görä gündogar serhedi iki hepdeden bäri asuda we ýekeje immigrant hem Finlýandiýanyň gümrük geçelgesine gelmedi.

 



Degişli Habarlar