ABŞ Russiýadan urany import etmegi gadagan edýän kanun taslamasyny kabul etdi

ABŞ-nyň Wekiller mejlisinde Russiýadan uran importyny gadagan etmegi özünde jemleýän kanun taslamasyny kabul etdi

2075736
ABŞ Russiýadan urany import etmegi gadagan edýän kanun taslamasyny kabul etdi

Şoňa laýyklykda kanun taslamasynyň kanunylaşmagyndan 90 gün soň, Russiýadan uran import etmek gadagan ediler.

Kanun taslamasynyň ABŞ-nyň Energetika ministriniň, ýadro reaktorlaryň ýa-da ABŞ-nyň ýadro energetika kärhanalarynyň işledilmegi üçin alternatiwanyň bolmandygynyň anyklanmagy ýa-da üpjünçiligiň milli bähbitlere laýykdygy anyklanan halatynda, Russiýadan pes derejede baýlaşdyrylan uran importyna rugsat berilmegini öz düzüminde jemleýän ýeňillikleriň bardygy habar berildi. 

Kanun taslamasynyň kanunylaşmagy üçin Senatdan geçmegi we Prezident Jo Baýden tarapyndan gol çekilmegi hökmany. 



Degişli Habarlar