Ysraýyla Harby Goldaw Dowam Eder

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ysraýyla harby goldawyň dowam etjekdigini aýtdy.

2075517
Ysraýyla Harby Goldaw Dowam Eder

“The Timse of Israel” gazetiniň harbar bermegine görä Jo Baýden ýehudileriň Hanuka baýramçylygy mynasybetli Ak Tamda berilen banketde eden çykyşynda Ysraýylyň Palestina hüjümleri sebäpli ABŞ-da artan antisemitizmi ýazgarýandygyny beýan etdi.

Baýden; “Hamas ýok edilýänçä Ysraýyla harby goldaw bermäge dowam etjekdillerini” nygtap; “Ýöne örä ünsli bolunmaly. Bütin dünýäniň pikiri bir gijede üýtgäp biler. Oňa ýol berilmeli däl” diýdi.

Ýehudiler bilen Ysraýylyň howpsuzlygyna hem-de garaşsyz ýehudi döwletiniň garaşsyzlygyna bolan ynamynyň mizemezdigini nygtan Baýden; “Ysraýyl bolmadyk bolsady, dünýäde ýekeje ýehudi hem howpsuz bolmazdy” diýdi.

Baýden; “Ýehudi jemgyýetine goýýan sarpam we olar bilen bolan ýakyn gatnaşygym üýtgewsizdir. Birnäçe ýyl ozal “Sionist bolmak üçin ýehudi bolmak hökmany däl we men sionist” diýenimde, uly kynçylyk çekdim we tankyt edildim” diýdi.



Degişli Habarlar