ÝB, Eýrana Sanksiýa Goýdy

ÝB, Russiýa uçarmansyz howa ulaglaryny berýändigi sebäpli Eýrana sanksiýa goýdy

2075428
ÝB, Eýrana Sanksiýa Goýdy

ÝB, Ukrainadaky söweşde ulanmak üçin Russiýa uçarmansyz howa ulaglaryny berýändigi sebäpli Eýrana sanksiýa goýulmagy barada karar kabul etdi.

ÝB Geňeşinden berlen ýazmaça beýannamada, Eýranyň Ukrainadaky söweşde ulanmak üçin Russiýa berýän uçarmansyz howa ulaglarynyň öndürilmeginde uly rol oýnaýan 6 adama we 5 gurama sanksiýa goýuljakdygyny mälim etdi.

ÝB-niň sanksiýalary, emlaklaryň saklanmagyny we syýahat gadagançylygyny hem öz içine alýar.

ÝB ady agzalýan sanksiýany goýmak maksady bilen, Eýranyň Russiýa uçarmansyz howa ulagyny berýändigini subut etmek üçin bir ýyldan bäri taýarlyk görýärdi.

 


Etiketkalar: #sanksiýa , #Eýran , #ÝB

Degişli Habarlar