ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 7 gatly bina çökdi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Bronks etrapçasynda 7 gatly binanyň bir böleginiň çökmegi netijesinde 2 adam ýaralandy

2075593
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 7 gatly bina çökdi

"The New York Times" gazedi tarapyndan berilen habara görä, Nýu-Ýork şäheriniň Ýangyn söndüriji departamentiň resmileri, Bronks etrapçasynda 7 gatly binanyň bölekleýin ýagdaýda çökmeginden soň ýangyn södnürijileriň, polisiýa işgärleriniň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň sebite gönükdirilendigi mälim edildi. 

Binanyň ewakuasiýasynda 2 adamyň ýeňil ýagdaýda ýaralanandygyny aýdan resmiler, adam pidalarynyň hasaba alynmandygy beýan edildi. 

Resmiler wakanyň näme sebäpli bolandygynyň entek anyklanmandygyny, emma derňew işiniň dowam edýändigini habar berdiler. 


Etiketkalar: #gat , #ýangyn , #Nýu-Ýork , #ABŞ

Degişli Habarlar