Abdullahiýan Lawrow Bilen Telefon Arkaly Söhbedeş Boldy

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Emir Abdullahiýan bilen rus kärdeşi Sergeý Lawrow özara gatnaşyklar bilen Gaza we Günbatar Şeriadaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşyldy.

2075483
Abdullahiýan Lawrow Bilen Telefon Arkaly Söhbedeş Boldy

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannama görä Abdullahiýan bilen Lawrow telefon arkaly söhbedeşlik geçirdi.

Beýannamada Abdullahiýan bilen Lawrowyň özara gatnaşyklar bilen Gazadaky we Günbatar Şeriadaky soňky wakalaryň başda durmagynda käbir sebitleýin meselelerde pikir alyşandyklary mälim edildi.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň geçen hepde Moskwada geçiren duşuşygynda özara gatnaşyklaryň seljerilendigine ünsi çeken Abdullahiýan, iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasyndaky geňeşleriň hem-de gepleşikleriň ähmiýetini nygtady.



Degişli Habarlar