BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji Dekabrda Gaza Boýunça Maslahat Geçirer

BMG-niň Baş Assambleýasy ABŞ-nyň geçen hepde Howpsuzlyk geňşiniň hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky kararyny weto etmeginden soň Gazadaky gumanitar pajygany ara alyp maslahatlaşmak üçin sişenbe güni maslahat geçirer.

2075017
BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji Dekabrda Gaza Boýunça Maslahat Geçirer

Müsüriň we Moritaniýanyň wekilleri Arap toparynyň Başlygy we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Başlygy hökmünde ýörite maslahatyň geçirilmegi üçin çagyryş etdi.

Diplomatik çeşmeleriň beýan etmegine görä Baş Assambleýa maslahatda Gaza Sektorunda hüjümleriň bes edilmegi hakynda taslama teksti sese goýmaga hödürläp biler.

Tekstin taslamasy anna güni weto edilen Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna meňzeş mazmuna eýe.

Taslama tekstde “dessine ynsanperwer arakesme” we “ähli ýesirleriň dessine hem-de şertsiz boşadylmagy” üçin çagyryş edilýär.  



Degişli Habarlar