Peskow: "ABŞ-nyň asyl aladasy ukrainalylar däl, amerikalylaryň özleri" diýdi

Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawlary we goldaw çagyryşlarynyň üstünde durup geçdi

2074468
Peskow: "ABŞ-nyň asyl aladasy ukrainalylar däl, amerikalylaryň özleri" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ABŞ-nyň aladasynyň Ukraina bolmandygyny belläp: "ABŞ-nyň esasy aladasy, hatda ukrainalylaryň janynyň hasabyna amerikalylaryň özleri boldy" diýip belledi. 

Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawlary we goldaw çagyryşlarynyň üstünde durup geçdi. 

ABŞ-lylaryň örän pragmatiki we maksatlarynyň özleriniň abadançylygydygyny aýdan Peskow: "Ukraina aslyna garanyňda ABŞ-nyň esasy aladalarynyň özleri bolmandygyna göz ýetirmäge mejburdyrlar. ABŞ-nyň esasy aladasy, hatda ukrainalylaryň janynyň hasabyna amerikalylaryň özleri boldy" diýip habar berdi. 

Peskow ABŞ-nyň gymmat energetika çeşmelerinden Ýewropa ugradylýan gazdan we nebitden milliardlarça dollar gazanýandygyna ünsleri çekip: "Emma gynansagam Ukraina mysalynda bu ukrainalylar pida bolýar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar