Medwedew: "NATO bilen gönüden çaknyşyk howpy bar" diýdi

Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, ýurdy bilen NATO-nyň arasynda 3-nji Jahan urşuna öwrülip biljek gönüden çaknyşyk howpunyň bardygyny habar berdi

2074412
Medwedew: "NATO bilen gönüden çaknyşyk howpy bar" diýdi

Dmitriý Medwedew Telegram kanalyndan beren beýanatynda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ukraina berilmegi meýilleşdirilýän 105 milliard dollarlyk býujet talabynyň Senatda ret edilmeginiň üstünde durup geçdi. 

Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň Kongresi şantaž edýändigini we onuň ABŞ-nyň taryhynda täze bir zat bolmandygyny aýdan Medwedew: "Dargama tapgyrynda bolan kiçijek bir döwlet üçin bular ýaly möçberde pul ozal islenmändi. ABŞ-nyň Prezidentini we maşgala agzalaryny bozýan bir ýurt üçin bular ýaly agressiw ýagdaýda we mekirlik bilen pul islenmändi. Kubadaky Raketa krizisinden bäri Russiýa bilen NATO-nyň arasynda 3-nji Jahan urşyna öwrülip bilinjek gönüden çaknyşyk howpy bular ýakynlaşmandy" diýip belledi. 

ABŞ-nyň hökümetiniň Ukrainadaky uruşda pul gazanýandygyny öňe süren Medwedew, Baýdeniň 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawynda ýeňilmek howpunyň bardygyny aýtdy. 



Degişli Habarlar