G7-ä Girýän Ýurtlaryň Liderleriniň Sammiti Geçiriler

Ykdysady taýdan ösen 7 ýurtdan emele gelýän G7-niň liderleri döwürleýin ýolbaşçy Ýaponiýanyň guramagynda maslahat geçirer.

2073018
G7-ä Girýän Ýurtlaryň Liderleriniň Sammiti Geçiriler

Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň Baş sekretary Matsuno Hirokazu geçiren metbugat ýygnagynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumionyň şu gün G7-niň liderleriniň onlaýn sammitini geçirjekdigini aýtdy.

Matsuno G7-ä girýän ýurtlaryň liderleriniň “Russiýanyň Ulraina 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän hüjümleri, 2 aýdan bäri dowam edýän Ysraýyl-Hamas çaknyşyklary we emeli intellekt ýaly dürli meseleleri” seljerjekdigini aýtdy.

“Halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşylar we G7-niň hyzmatdaşlygy nygtalar” diýen Matsuno, Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň onlaýn formatdaky sammite gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

2024-nji ýylda G7-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny Italiýa kabul edip alar.


Etiketkalar: #sammit , #Ýaponiýa , #G7

Degişli Habarlar