Russiýa Palestinaly Immigrantlary Dagystana Ýerleşdirer

25-nji noýabrdan bäri Dagystan awtanomiýasyna Gazadan ewakuasiýa edilen 150-den gowrak immigrant geldi.

2072732
Russiýa Palestinaly Immigrantlary Dagystana Ýerleşdirer

Dagystanda döredilen işjeň topar, şol adamlary wagtlaýyn dynç alyş desgasyna ýerleşdirdi. Gelenlerin 70-den gowragy çaga. Aralarynda lukmanlar, mugallymlar, terjimeçiler we dilji alymlar bar.

Dagystanyň Prezidenti Sergeý Malikow; “Gelen adamlar täze ýaşaýyş gurmak isleýar, biz hem olara bu ugurda goldaw bermeli” diýdi.

Dagystanyň Bilim we ylym ministri Ýahýa Buçaýew sebite gelen palestinaly çagalaryň Gamiýah obasyndaki mekdeplere we çagalar bağlaryna ýerleşdiriljekdigini beýan edipdi.

Dagystan noýabr aýynyň ortasynda Gaza 30 tonnadan gowrak ynsanperwer kömegini ugradypdy.



Degişli Habarlar