Ysraýylyň Hüjümleri Töwellaçylyk Tagallalaryny Kynlaşdyrýar

Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani “ynsanperwer arakesmeden” soň Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza Sektoryna hüjümlerini dowam etdirmegininiň töwellaçylyk tagallalasyny kynlaşdyrýandygyny aýtdy.

2072062
Ysraýylyň Hüjümleri Töwellaçylyk Tagallalaryny Kynlaşdyrýar

Kataryň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannama görä ministr Al Sani, amerikaly kärdeşi Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ysraýylyň gabawy we hüjümleri astyndaky Gaza Sektorynyň başda durmagynda basylyp alynan Palestina degişli ýerlerde başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşylan söhbetdeşlikde, dartgynlygyň gowşadylmagy we hüjümleriň bes edilme şertleri hem ara alynyp maslahatlaşyldy.

Kataryň Daşary işler ministri Al Sani telefon söhbetdeşliginde Gazada täze bir “ynsanperwer arakesme” üçin ýaranlary blen töwellaçylyk tagallalaryny dowam etdirýändiklerini nygtap; “Ysraýylyň Gaza hüjümleri bu tagallalary kynlaşdyrýar we sebitdäki gumanitar pajygany agyrlaşdyrýar” diýdi.

“Zenanlaryň we çagalaryň başda durmagynda bigünä ilatyň öldürilmeginiň we köpçülikleýin jezalandyrmalaryň kabul edilmesizdigine ünsi çeken Al Sani, Ysraýylyň bombardymany astyndaky palestinalylara ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin Gaza hyowpsuz ynsanperwer geçelge açylmalydygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar