Kubanyň Prezidenti Eýrana Bardy

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi ýurdunyň Kuba bilen hyzmatdaşlygynyň ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy durmaklaryna goldaw berjekdigini aýtdy.

2072342
Kubanyň Prezidenti Eýrana Bardy

Eýranyň talyplar habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Raisi iki günlük saparyň çäginde paýtagt Tähranda bolýan Kubanyň Prezidenti Miguel Mario Diaz-Kaneli Saadat Abad köşkünde resmi dabara bilen garşylady.

Toparara we özara duşuşyklardan soň prezidentleriň gatnaşmagynda ylym, tehnologiýa, saglyk, oba hojalygy, energetika, magdançylyk we aragatnaşyk pudaklarynda ylalaşyk ähtnamalaryna gol çekildi.

Bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Raisi, 1979-njy ýylda Eýran ynkylabyndan soň Kuba bilen gatnaşyklaryň ösmäge başlandygyny beýan etdi.

Raisi; “ABŞ, sanksiýa goýmak arkaly ýurtlarymyzyň öňüne geçmegi meýilleşdirýärdi. Bu, olaryň ýalňyş düşünjesidi. İki ýurduň şertleriniň hyzmatdaşlyk çäginde seljerilmegi we ösdürilmegi sanksiýalary puja çykarar” diýdi.

Duşuşykda Ysraýylyň Gaza gurýan hüjümleri hakynda-da pikir alyşandyklaryny aýdan Raisi; “İki ýurt palestin halkyny goldamakda ygrarlylyk görkezdi. Ysraýylyň Gaza hüjümlerinde dünýä halkara jemgyýetçiliginiň nähili netijesizdigine şaýatlyk etdi. Halkara jemygýetçiligi uruş enjamy bolan Ysraýyly togtatmaly” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar