Ynsanperwer arakesmäniň möhledi uzadyldy

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda araçylyk edýän Katar hem ynsanperwer arakesmäniň möhlediniň uzadylandygyny tassyklaýan beýannama berdi

2070878
Ynsanperwer arakesmäniň möhledi uzadyldy

Ysraýylyň goşuny Gaza zolagyndaky ynsanperwer arakesmäniň möhlediniň tamamlanmagyna sanalgyja minutlar galanda beren beýanatynda, möhlediň uzadylandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanatda, ynsanperwer arakesmäniň näçe günlük uzadylandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 

Beýanatda: "Araçylaryň tagallalarynyň netijesinde ýesirleriň azat edilmäge dowam edilmegi we ylalaşygyň şertlerine laýyklykda operasiýalara arakesme berilmek tapgyry dowam ediler" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan Hamas tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda ynsanperwer arakesmäniň ýene-de 1 gün uzadylmagy barada karara gelinenendigi aýan edildi. 

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda araçylyk edýän Katar hem ynsanperwer arakesmäniň möhlediniň uzadylandygyny tassyklaýan beýannama berdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Ysraýyl bilen Hamas 6-njy gezek ýesir alyş-çalşygyny amala aşyrdylar.

Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklara 4 günlük arakesme berilen we möhledi 2 günlük uzadylan ynsanperwer arakesmäniň başlamagyna 6 gün doldy.

Şol çäkde gazanylan ylalaşyga laýyklykda ýene-de palestinaly 30 zenan we çaga ýesir Ysraýylyň tussaghanalaryndan çykdy. Gaza sektorynda bolsa ysraýylly zenanlardan we çagalardan ybarat 10 ýesir bilen Taýlandyň 4 raýaty Halkara Gyzyl ýarymaý jemgyýetine gowşuryldy.

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesir alyş-çalyş tapgyrynyň çäginde 24-nji noýabrda Gazadaky çaknyşyklara 4 günlük ynsanperwer arakesme berilipdi. Ady agzalan ylalaşygyň möhledi ýene-de 2 gün uzadylypdy.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa Tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny mälim edipdi. 

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" operasiýasyny başladandygyny habar beripdi.

Başdan geçirilen dartgynlykda takmynan 16 müň palestinaly ýogaldy. 



Degişli Habarlar