Russiýa Ukrainanyň azyk önümlerini zäherlemek üçin himiki ýarag ulanandygyny öňe sürdi

Russiýa Ukrainanyň goşunynyň azyk önümlerini zäherlemek üçin himiki ýarag ulanandygyny öňe sürdi

2070360
Russiýa Ukrainanyň azyk önümlerini zäherlemek üçin himiki ýarag ulanandygyny öňe sürdi

Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Radiasiýa, himiki we biologiki goranyş güýçleriniň serkerdesi Igor Kirillow, 3-nji Ýaş alymlar kongresinde eden çykyşynda, Russiýa-Ukraina uruşy barada beýanat berdi. 

Ukrainanyň goşunynyň uruşda himiki ýarag ulanandygyny öňe süren Kirillow: "Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň ýörite harby operasiýada azyk önümlerini zäherlemek üçin himiki ýarag komponentlerini ulanandygy 17 gezek anyklandy. Ol bolsa azyndan 15 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy" diýip habar berdi. 

Kirillow ady geçen himiki komponentleriň gymmatdygyny we dünýäde diňe bir ýurtda öndürilýändigini mälim etdi. 

Iki ýurt 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri uruş alyp barýar. 



Degişli Habarlar