Ukrainanyň Moskwa Gurajak Hüjüminiň Öni Alyndy

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Moskwa hüjüm gurama synanşygynyň öňüniň alynandygyny habar berdi.

2070208
Ukrainanyň Moskwa Gurajak Hüjüminiň Öni Alyndy

Ministrlikden berilen beýannamada; “Ýerli wagt boýunça 07.30-da resmi Kiýewiň uçarmansyz howa ulagy bilen terror hüjümini gurama synanşygynyň öňi alyndy” diýilýär.

Howa goranyş ulgamlarynyň hüjümiň öňüni alandygyna üns çekilýän beýannamada, Ukraina degişli uçarmansyz howa ulagynyň Moskwa welaýatynyň Podolsk şäheriniň golaýynda hatardan çykarylandygy habar berildi.

Moskwanyň Häkimi Sergeý Sobýanin hem sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Podolsk şäheriniň golaýynda rus howa goranyş ulgamlarynyň Moskwa tarap uçýan uçarmansyz howa ulagynyň hüjümini yza serpikdirendigini mälim edip; “İlkinji maglumatlara görä ulagyň düşen ýerinde haýsydyr bir ýitdi ýa-da adam pida bolmady. Bilermenler derňew işini alyp barýarlar” diýip, ýazdy.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň serkerdeliginden berilen beýannamada, Russiýanyň giç ara Ukraina “Şahed” kysymly uçarmansyz howa ulaglary we gönükdirmeli raketalar bilen hüjüm gurandygy habar berildi.



Degişli Habarlar