Stoltenberg Ynsanperwer Arakesmäniň Uzaldylmagy Üçin Çagyryş Etdi

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Hamas bilen Ysraýylyň arasynda çaknyşyklara “ynsanperwer arakesme” berilmegi üçin gazanylan ylalaşygyň möhletiniň uzaldylmagy üçin çagyryş etdi.

2069459
Stoltenberg Ynsanperwer Arakesmäniň Uzaldylmagy Üçin Çagyryş Etdi

Stoltenberg noýabr aýynyň 28-29-y aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ýerleşýän NATO-nuň karargähinde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyndan öň žurnalistlere brifing berdi.

Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ylalaşygyň ýesirleriň boşadylmagyny we ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegini üpjün edendigini aýdan Stoltenberg; “Berilen arakesmäniň uzaldylmagy üçin çagyryş edýärin. Ol, Gazada halka zerur bolan ýardamlaryň ýetirilmegini we köp sanly ýesiriň azat edilmegini üpjün eder” diýdi.

Stoltenberg durnukly syýasy çözgüdiň zerurdygyny nygtady. NATO-nuň ýaranlarynyň Yrak we Siriýa ýaly ýurtlarda güýçleriniň bardygyny ýatladan Stoltenberg; “Yrakdaky we Siriýadaky ABŞ-nyň pozisiuýalaryna uçarmansyz howa ulaglary we raketaly hüjümleriň guralýandygyny, söwda gämilerini hüjümleriň edilendigini gördük. Ol dartgynlygyň artma howpuny görkezýär. Eýran, özi üçin hereket edýänlere gözegçilik etmeli” diýdi.



Degişli Habarlar