Blinken Aliýew we Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

2069849
Blinken Aliýew we Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Döwlet sekretarlygyndan berilen beýannama görä Blinken Aliýew we Paşinýan bilen geçiren söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleri hakynda pikir alyşdy.

Aliýewiň “birsydyrgyn ýaraşyk şertnamasy” boýunça kepillendirmesine kanagatlanma bildiren Blinken, iki ýurduň arasyndaky çaknyşylaryň iki tarap üçin hem agyr ýitgilere sebäp bolandygyny nygtady.

Blinken iki ýurduň arasyndaky ýarşyk gepleşikleriniň netijelendirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Paşiýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde-de ýaraşyk gepleşikleriniň ähmiýetini  beýan etdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi 21-nji noýabrda ýaraşyk ylalaşygy boýunça gepleşikler üçin Ermenistana gönüden özara gepleşiklere başlamak hakynda çagyryş edipdi.

Ministrlikden berilen beýannamada Azerbaýjanyň ýaraşyk ylalaşygynyň taslamasy boýunça tekliplerine Ermenistanyň jogap bermegi üçin 2,5 ýarym aýa golaý dowam etmeginiň uly bökdençlik döredendigi habar berilipdi.



Degişli Habarlar