Ysraýyl bilen Hamas 2-nji gezek ýesir alyş-çalyş tapgyryny amala aşyrdylar

Gazada çaknyşyklara berilen arakesme bilen birlikde ýesir alyş-çalşygy dowam edýär

2068821
Ysraýyl bilen Hamas 2-nji gezek ýesir alyş-çalyş tapgyryny amala aşyrdylar

Ikinji ýesir alyş-çalyş tapgyry giýjiräk hem bolsa tamam boldy. 

Ilki bilen Gazadaky 13 ysraýylly we 4 taýlandly Hamas tarapyndan Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň resmilerine gowşuryldy. Ýesirler Refah gümrük geçelgesinden Müsüre, ol ýerden bolsa Ysraýyla alynyp gidildiler. 

Hamas ýesirleriň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň resmilerine gowşurýan pursatlaryna degişli materiallary paýlaşdy. Wideo materialda Hamasyň agzalary bilen 1-i çaga jemi 2 ysraýylly ýesiriň arasynda başdan geçirilen ýakyn pursatlar ünsleri özüne çekdi. 

Hamas agzasynyň "Görüşeris" sözlerine ysraýylly ýesiriň elini galgadyp we ýylgyryp jogap berendigini görüp bolýar. 

Hamas taýlandly ýesirler bilen bagly hem beýannama berdi. 

Kataryň merkezi ýaýlym organy Al Jazeera tarapyndan berilen habara görä, Hamas taýlandly ýesirleri Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň eden tagallalaryna jogap hökmünde azat edendigini mälim etdi. 

Ysraýyl bolsa öz gezeginde tussaghanalarynda saklan 39 palestinalyny azat etdi. 33-i çaga, 6-sy zenan jemi 39 palestinaly maşgalalaryna gowuşdy. 

Anna güni geçirilen ilkinji ýesir alyş-çalyş tapgyryndan soň 2-nji tapgyryň şenbe güni agşam geçirilmegi meýilleşdirilýärdi. 

Hamas Ysraýylyň Gazanyň demirgazygyna gitmeli bolan ynsanperwer kömeklere böwet bolýandygy sebäpli ýesirleriň azat edilemgini yza süýşüripdi. Müsüriň we Kataryň işe girişmegi bilen meseläniň hötdesinden gelindi we 2-nji ýesir alyş-çalyş tapgyry ýerine ýetirildi. 

Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşyk anna güni irden güýje giripdi we sişenbe gününe çenli dowam etmegine garaşylýar. 

Ilkinji ýesir alyş-çalyş tapgyry penşenbe güni amala aşyryldy. 

Hamas 13 ysraýylly ýesiri boşadan bolsa, Ysraýyl tussaghanalaryndaky 39 palestinalyny azat etdi. 

Tapgyryň ahyrynda Hamas öz gözegçiligindäki 50 ysraýyllyny, Ysraýyl bolsa tussaghanalaryndaky 150 palestinalyny azat eder. 



Degişli Habarlar