Pakistanda Söwda Merkezinde Bolan Ýangynda 11 Adam Ýogaldy

Söwda merkeziniň içinde galan 50 adamyň halas edilmegi üçin tagalla edilýär

2068782
Pakistanda Söwda Merkezinde Bolan Ýangynda 11 Adam Ýogaldy

 

Pakistanyň Karaçi şäherinde söwda merkezinde bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 11 adam ýogaldy, 22 adam hem ýaralandy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Karaçi şäheriniň Rashid Minhas köçesinde ýerleşýän 6 gatly söwda merkezin ýangyn boldy.

Ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 11 adam ýogaldy, 22 adam hem ýaralandy.

Ýolbaşçylar söwda merkeziniň içinde galan 50 adamyň halas edilmegi üçin tagalla edilýändigini mälim etdi.

Ýangyn söndüriş işleri hem güýçli depginde dowam edýär.



Degişli Habarlar