Ysraýyl, Liwana Ak Fosfor Bombasy Bilen Hüjüm Gurady

Hizbullah hem soňky 24 sagatda Ysraýyla degişli 18 harby merkezi nyşana aldy.

2068565
Ysraýyl, Liwana Ak Fosfor Bombasy Bilen Hüjüm Gurady

Ysraýylyň harby goşunynyň Liwanyň günortasyndaky serhet galasyna ak fosfor bombasy bilen hüjüm gurandygy habar berildi.

Liwanyň resmi habarlar gullugy NNA-nyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri Liwanyň Meýs al Jebel etrapçasyna ak fosfor bombasy bilen hüjüm gurady.

Hizbullah hem soňky 24 sagatda Ysraýyla degişli 18 harby merkezi nyşana aldy.

Hizbullah tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýyla degişli harby merkezleriň nyşana alynandygy nygtaldy.

Hizbullah, ozal hem Ysraýyla degişli 10 harby merkezi nyşana alandygyny habar beripdi.

Ysraýylyň harby goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklarda Hizbullaha agza 85 adam bilen ysraýylly 6 esger ýogaldy.



Degişli Habarlar