Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Gaza garşy hüjümler dowam eder" diýdi

Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy Herzi Halewi ertir başlamagyna garaşylýan ynsanperwer arakesmeden soň Gaza sektoryna garşy hüjümleriň dowam etjekdigini habar berdi

2068064
Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Gaza garşy hüjümler dowam eder" diýdi

Herzi Halewi basaylyp alynan Gazanyň demirgazyk böleginde ýokary derejeli serkerdeler bilen duşuşyk geçirip: "Söweşi bes etmeýäris. Ýeňiş gazanýançak çenli dowam ederis, öňe gideris we Hamasyň beýleki ýerlerine çenli hem dowam ederis" diýip mälim etdi. 

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu hem düýn beren beýanatynda, Gaza garşy hüjümleriň ynsanperwer arakesmeden soň hem dowam etjekdigini beýan edipdi. 

Kataryň we Müsüriň araçylyk etmeginde Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesir alyş-çalşygy babatynda ylalaşyga gelinendigi habar berilipdi. 

Şol çäkde Gaza sektoryndaky çaknyşyklara 4 gün ynsanperwer arakesme berilmegi göz öňünde tutulýar. 

Entek resmi ýagdaýda aýan edilmesede ynsanperwer arakesmäniň ertir başlanmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar