Mirzoýan KHYG-nyň Maslahatyna Gatnaşmaz

Bu barasynda Ermenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

2067421
Mirzoýan KHYG-nyň Maslahatyna Gatnaşmaz

Ermenistanyň Daşary işler ministri Arorat Mirzoýan Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň 22-23-nji noýabrda Belarusyň paýtagty Minskde geçiriljek maslahatyna gatnaşmagy meýilleşdirmeýär.

Ermenistanyň Daşary işler ministrligi “Belarusyň Daşary işler ministri Sergeý Aleýnikow bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Ermenistan-Belarus gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy. KHYG-nyň işleri barasynda durlup geçildi. Ararat Mirzoýan 22-nji noýabrda Miniskde geçirilen guramanyň Daşary işler ministrleriniň geneşiniň, Goranmak ministrleriniň geňeşiniň we Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlar komitetiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmajakdygyny habar berdi” diýip, beýannama berdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we ermeni diplomatlary ýurtlarynyň KHYG-dan çykmagy häzirlikçe meýilleşdirmeýändigini beýan etmek bilen bilelikde, gurama boýunça pikirlerini aýdypdy. Premýer-ministr Paşinýan “Guramanyň respublikada jogapkärçilik ugruny kesgitlemekden çetde durmagynyň” esasy meseledigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar