Ysraýylyň howa hüjüminde iki habarçy ýogaldy

Ysraýylyň Liwanyň günortasyna guran howa hüjümlerinde 2-si habarçy bolan jemi 3 adamyň ýogalandygy habar berildi

2066974
Ysraýylyň howa hüjüminde iki habarçy ýogaldy

Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habara görä Ysraýylyň goşuny Teýr Harfa etrapçasynyň golaýynda metbugat işgärleriniň bolan ýerine howa hüjümini gurady. 

Hüjümde Al Maýadeen telewideniýe kanalynyň zenan habarçysy Farah Ömer we operator Rabih al Mamari bilen asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň Liwanyň günortasyna 8-nji oktýabrdan bäri guran hüjümlerinde ýogalan žurnalistleriň sany 3-e ýetdi. 



Degişli Habarlar