Braziliýada Yssy Howa Rekord Derejede

Braziliýada 19-njy noýabrda ölçenen 44,8 gradus ýylylygyň ýurtda häzirki wagta çenli bellige alynan iň ýokary ýylylyk bolandygy habar berildi.

2067072
Braziliýada Yssy Howa Rekord Derejede

19-njy noýabrda ýurduň günorta gündogaryndaky Minas Gerais ştatynyň Araçuai sebitinde ýylylyk rekordy boldy.

Araçuai sebitinde ölnene 44,8 gradus ýylylyk, 2005-nji ýylda bellige alynan 44,7 graduslyk rekordy geçip, ýurtda häzirki wagta çenli bellige alynan iň ýokary ýylylyk boldy.

Bilermenler pasyla görä  ýokarda bolan howa şertlerini “El Nino” sebäpli howanyň täsirleri hem-de howanyň üýtgemegi bilen düşündirýär.

Amerilaly aýdymçy Taýlor Swiftiň 17-nji noýabrda Rio de-Žaneýrodaky konsertinden öň muşdaklaryndan biri aşa yssy sebäpli ýogalypdy.



Degişli Habarlar