Global Azyk Howpsuzlygy Sammiti Londonda Öz Işine Başlady

Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak Ysraýylyň özüni gorama hukugyny goldaýandyklaryny beýan etdi.

2066500
Global Azyk Howpsuzlygy Sammiti Londonda Öz Işine Başlady

Sunak Global Azyk Howpsuzlygy Sammitiniň açylyşynda çykyş etdi.

Rişi Sunak, Ysraýylyň özüni gorama hukugyny goldaýandyklaryny nygtap, Gazada başdan geçirilýän gumanitar pajyga hakynda; “Sebitdäki ýagdaý iňňän tragiki we günsaýyn agyrlaşýar. Ynsanperwer kömekleriniň bökdençsiz Gaza ýetirilmegi üçin we çaknyşyklara gyssagly ynsanperwer arakesme bermek üçin tagallamyz dowam edýär” diýdi.

Somaliniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bill we Melinda Geýt gaznasynyň, Çagalaryň maýa goýum gory gaznasy we Britaniýanyň bilelikde guran Global azyk howpsuzlygy Sammiti Londonda öz işine başlady.

Sammitinin açylyşyna gatnaşan Sunak dünýäde dowam edýän çekeleşikleriň we çaknyşyklaryň gönüden ýoksullyga täsir ýetirýändigini beýan edip, Durnukly galkynyş maksatlary ugrundaky hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Britaniýanyň Premýer-minsitri; “Ol hem 0 açlyk maksadyna laýyklykda tagallamyzy iki esse ýokarlandyrmak bilen başlaýar. Şu günki günde, ýagny 2023-nji ýylda tas 1 milliard adamyň ýeterlik iýmitlenip bilmezliği, millionlarça adamyň açlyga sezewar bolmagy, 5 ýaşyna ýetmedik 45 million çaganyň agyr iýmitsizligi başdan geçirmegi dogry bolmaz” diýdi.

Sunak palestinaly asuda ilata berýan goldawlaryny iki esse ýokarlandyrandyklaryny we Britaniýanyň Ysraýylyň özüni gorama hukugyny goldaýandygyny nygtap; “Emm ol, halkara gumanitar hukuga laýyk bolmaly. Sebitdäki ýagdaý iňňän tragiki we günsaýyn agyrlaşýar. Ynsanperwer kömekleriň bökdençsiz Gaza ýetirilmegiüçin çaknyşyklara gyssagly ýagdaýda ynsanperwer arakesme berilmegi ugrundaky tagallamyzy dowam etdirýäris. Sebäbi bigünä asuda ilatyň çekýän ýitgisi durmaly” diýdi.



Degişli Habarlar