YHG-nyň we Arap Bileleşiginiň umumy jarnamasy

Saud Arabystanynyň paýtagty Riýad şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Ligasynyň nobatdan daşary umumy sammitinden soň umumy jarnama çap edildi

2063381
YHG-nyň we Arap Bileleşiginiň umumy jarnamasy

Sammitden soň çap edilen umumy jarnamada, Palestiandaky gyrgynçylygyň bes edilmeginiň zerurdygy we Ysraýylyň hüjümleriniň harby jenaýatdygy barada ylalaşyga gelinendigi aýan edildi. 

Jarnamada, Palestinanyň halkynyň howpsuzlyga we parahatçylyga gowuşmadan we elinden alnan ähli hukuklary yzyna almadan, Ysraýylyň we beýleki islendik sebitiň ýurtlarynyň howpsuzlyga we parahatçylyga gowuşmajakdygy, Ysraýylyň basyp alyşlygynyň dowam etmeginiň sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk bilen global howpsuzlyga we parahatçylyga howp emele getirjekdigi beýan edildi. 

Jarnamada BMG-nyň Baş Assambleýasyndan hem gyrgynçylygyň ýazgarylmagy we harby jenaýat hökmünde kabul edilmegi islendi. 

Halkara Jenaýat Kazyýetiniň Ysraýylyň amala aşyrýan harby jenaýatlaryna garşy derňew işini tamamlamagynyň gerekdigi bellenen jarnamada, mundan başgada ähli döwletlere Ysraýyla ýarag we ok-däri eksportyny gyssagly bes etmegi barada çagyryş berildi. 

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Bileleşiginiň umumy jarnamasynda Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasyna Ysraýylyň himiki ýarag ulanyp-ulanmandygy bilen bagly derňew geçirmegi barada çagyryş berilip, ynsanperwer kömek ulaglarynyň Gaza girmeginiň mejbur edilmegi barada talap bildirildi. 



Degişli Habarlar