Fransiýa, Ilkinji Gezek Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

“Gysga wagtda asuda ilatyň goralmagy üçin işe girişilmeli. Hüjümlere gumanitar maksatly arakesme berilmegi üçin tagalla edilmeli”

2063013
Fransiýa, Ilkinji Gezek Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, çaknyşyklaryň başlan gününden bäri ilkinji gezek Gaza Sektorynda çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Emmanuel Makron, “Gysga wagtda asuda ilatyň goralmagy üçin işe girişilmeli. Hüjümlere gumanitar maksatly arakesme berilmegi üçin tagalla edilmeli” diýip belledi.

Makron, Gaza Sektoryndaky asuda ilatyň goralmagynyň diňseň möhümdigini nygtady.

Fransiýanyň Prezidenti Makron Ysraýylyň özüni goramak hukugynyň bardygyna hem ünsi çekdi.

Makron, ýurdunyň şu ýyl Palestin halkyna ýene-de 80 million ýewro lyk ynsanperwer kömegini berjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar