Rus Lideri Putin, Gazagystanda Saparda Boldy

Putin, Gazagystanyň Prezident Kassym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

2062659
Rus Lideri Putin, Gazagystanda Saparda Boldy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Gazagystanda saparda boldy.

Putin paýtagt Astanada Gazagystanyň Prezident Kassym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Putin duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň geçen ýyl 10 göterinden gowrak artyp 28,2 milliad dollara ýetendigini nygtap, Russiýanyň Gazagystanda iň köp maýa goýan ýurtlardan biridigine ünsi çekdi.

Özara söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriniň ulanylýandygyny nygtan Putin, esasan oba hojalyk pudagyna goýlan maýa goýumlaryň artandygyny belledi.

Wladimir Putin, “Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gün saýyn ösýär” diýip belledi.

Gazagystanyň Prezident Kassym-Žomart Tokaýew hem Gazagystan bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşdygyna ünsi çekip, esasan oba hojalyk pudagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtady.

Rus gazynyň gysga wagtda Gazagystandan üstaşyr Özbegistana akdyrylmaga başlanjakdygyny ýatladan Tokaýew “Bu taslama, Orta Aziýada durnuklylygyň we energetika howpsuzlygynyň güýçlendirilmegi taýdan diýseň möhüm” diýdi.

İki lider özara duşuşygyň çäginde Kostanaý şäherinde geçirlen 19-njy Russiýa-Gazagystan sebitleýin hyzmatdaşlyk forumyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.



Degişli Habarlar