Hamas Ýesirleri Boşadýança Hüjümler Bes Edilmez

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu Hamasyň elindäki ýesirler boşadylýança Gaza Sektorunda hüjümleriň bes edilmejekdigini aýtdy.

2062014
Hamas Ýesirleri Boşadýança Hüjümler Bes Edilmez

Netanýahu Ysraýylyň goşunlarynyň howadan we gury ýerden Gaza guraýan hüjümleri hakynda Tel-Awiwde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Bombalanýan Gazada günsaýyn agyrlaşýan gumanitar ýagdaý sebäpli hüjümleriň bes edilmegi boýunça berilýän çagyryşlara garamazdan Hamasyň elindäki ysraýylly ýesirlere ünsiçeken Netanýahu; “Zamun alynanlaryň ählisi boşadylýança hüjümler bes edilmez” diýdi.

Ysraýylyň goşunlarynyň 31-nji oktýabrda Gaza başladan guryýer operasiýasyndan netije alynandygyny öňe süren Netanýahu; “Hamas, baryp bilmejekdigimizi pikir eden ýerlerine barandygymyzy görýär. Gaza şäheri gabaw astyna alyndy. Biz şäheriň içinde operasiýa geçirýäris, Hamasa edilýän gysyşy günsaýyn, sagatsaýyn agyrlaşdyrýarys” diýdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Hamasyň elindäki ýesirler boşadylman, Gaza ýangyç geçirilmegine hem rugsat bermejekdiklerini aýtdy.

Liwan serhedinde Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda bolýan çaknyşyklar hakynda-da durup geçen Netanýahu, Hizbullahyň gurajak “ähli hüjüme güýçli garşylyk görkezjekdiklerini” aýtdy.



Degişli Habarlar