Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Nobatdan Daşary Ýagdaýda Jemlenşer

Nobatdan daşary ýagdaýda geçiriljek maslahat 12-nji noýbarda ýekşenbe güni Riýatda geçirler

2061062
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Nobatdan Daşary Ýagdaýda Jemlenşer

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy, Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza Sektoryna garşy gurýan hüjümlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 12-nji noýabrda nobatdan daşary ýagdaýda jemlenşer

YHG-dan berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň palestin halkyna garşy guraýan hüjümlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin musulman ýurtlarynyň nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişjekdigi nygtaldy.

Nobatdan daşary ýagdaýda geçiriljek maslahatyň guramanyň döwürleýin ýolbaşçysy Saud Arabystanynyň çagyryşyna laýyklykda 12-nji noýbarda ýekşenbe güni Riýatda geçiriljekdigi nygtaldy.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda ir ertir Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem, harby uçarlar bilen Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar”operasiýasyny başlandygyny mälim edipdi.

Şol günden bäri dowam edýän hüjümlerde iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar