Eýran-Owganystan serhedinde Mossad-a agza 3 içaly tussag edildi

Mossad üçin işländikleri öňe sürülen adamlaryň Eýranda soraga çekiljekdikleri aýan edildi

2060544
Eýran-Owganystan serhedinde Mossad-a agza 3 içaly tussag edildi

Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky daglyk sebitde Eýrana uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri we Ysraýylyň Milli razwedka gullugy Mossad içalysydygy öňe sürülen 3 adamyň tussag edilendigi mälim edildi. 

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Eýran bilen Owganystandaky Taliban dolanşygynyň razwedka gulluklarynyň umumy tagallary bilen saklanan we şahsyýetleri aýan edilmedik adamlaryň, Owganystanyň territoriýasyndan Eýrandaky käbir nyşanalara uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri öňe sürüldi. 

Mossad üçin işländikleri öňe sürülen adamlaryň Eýranda soraga çekiljekdikleri aýan edildi. 


Etiketkalar: #içaly , #Mossad , #Owganystan , #Eýran

Degişli Habarlar