ABŞ-nyň Deňizasty Gämisi Ýakyn Gündogarda

“2023-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ohio kysymly deňizasty gämisi, ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň jogapkärçiligi astyndaky sebite geldi”

2060927
ABŞ-nyň Deňizasty Gämisi Ýakyn Gündogarda

ABŞ-nyň deňiz flody, Ohio kysymly ýadro deňizasty gämisiniň Ýakyn Gündogara barandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginiň sosial mediadan beren habarnamasynda “2023-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ohio kysymly deňizasty gämisi, ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň jogapkärçiligi astyndaky sebite geldi” diýildi.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda ir ertir Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem, harby uçarlar bilen Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar”operasiýasyny başlandygyny mälim edipdi.

Şol günden bäri ABŞ sebite iki uçar gämisini ugratdy.


Etiketkalar: #gämi , #deňiz asty , #ABŞ

Degişli Habarlar