Ysraýyl Hassahanalary Nyşana Almaga Dowam Edýär

“Ysraýyl, Refah gümrük geçelgesine gitmek üçin günorta tarap barýan tiz kömek kerwenini nyşana aldy"

2060194
Ysraýyl Hassahanalary Nyşana Almaga Dowam Edýär

Ysraýylyň Gazada Şypa hassahanasynyň girelgesini we tiz kömek ulaglaryny bombalamagy sebapli 13 palestinaly ýogaldy, 26 adam hem ýaralandy.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Ysraýylyň harby goşunynyň, Şypa hassahanasynyň girelgesinde ýaralananlary Müsüre alyp gitmek üçin garaşýan tiz kömek ulaglaryny nyşana alan hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä, 13 adam şehit boldy, 26 adam hem ýaralandy” diýildi.

Beýannamada, “Ýaralananlaryň tiz kömek ulaglary bilen Müsüre alnyp gidiljekdigi barada Halkara Kyzylhaj komitetine, Müsüre we beýleki degişli guramalara maglumat berlipdi emma basyp alyjy ýurt jenaýat etmäge dowam edýär” diýildi.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen başga bir beýannamada hem, Ysraýylyň harby goşunynyň Gazadaky Şypa hassahanasy bilen birlikde Iýerusalim hassahanasynyň we İndoneziýa hassahasynyň daş-töweregini nyşana alandygy bellenildi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary Eşref Al Kudra, Şypa hassanasynda metbugata beren beýannamasynda Ysraýylyň saglygy goraýyş işgärlerini nyşana almaga dowam edýändigini nygtap, “Ysraýyl, Refah gümrük geçelgesine gitmek üçin günorta tarap barýan tiz kömek kerwenini nyşana aldy. Hüjümde ýogalanlar we ýaralananlar bar” diýdi.



Degişli Habarlar