Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Raketa Synagyna Reaksiýa Bildirdi

ABŞ-nyň “Minuteman 3” atly materiklerara ballistiki raketa synagyna Demirgazyk Koreýa Reaksiýa bildirdi.

2060037
Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Raketa Synagyna Reaksiýa Bildirdi

Demirgazyk Koreýadan berilen beýannamada synagyň üstünliksiz bolandygy ýatladylyp; “Şoňa garamazdan ABŞ-nyň giňeldilen el çekdirijilik kepilliginiň bir bölegi bolup durýan we Günorta Koreýanyň esgerleriniň gatnaşmagynda 7 ýyl soň geçirilen synagyň ABŞ-nyň ýadro we strategik ýaraglarynyň nyşanasynyň kimdigini aç-açan görkezendigi” nygtalýar.

ABŞ-nyň ýadro ýarag ätiýajynyň dünýädäki harby çaknyşyklaryň ortasynda artýandygyna üns çekilýän beýannamada; “Ol, ýadro ýaraglarynyň ulanylmagy arkaly harby üstünlige ýetmekligi maksat edinýän howply meýilnamadan başgaça analiz edilmeýär” diýilýär.

Demirgazyk Koreýanyň harby goşunlarynyň ýurduň özygtyýarlylygyna, howpsuzlygyna we bähbitlerine garşy ähli duşmançylykly howplara garşy durmaga taýýardygy, Phenýanyň ýadro ýaraglaryna garşy “harby reaksiýa” pozisiýasynyň üýtgemändigi beýan edildi.



Degişli Habarlar