Ysraýyl Jibaliýe Bosgun Düşelgesini 48 Sagatda 3-nji Gezek Bombalady

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 29 adam ýogaldy.

2059596
Ysraýyl Jibaliýe Bosgun Düşelgesini 48 Sagatda 3-nji Gezek Bombalady

Ysraýylyň Gaza sektorynda ýerleşýän Jibaliýe bosgun düşelgesini 48 sagatda 3-nji gezek bombalandygy habar berildi.

Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugy, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Jibaliýe bosgun düşelgesindäki mekdebe raketa atandygyny habar berdi.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 29 adam ýogaldy.

Ysraýylyň Howpsyzlyk güýçleriniň Bureiž bosgun düşelgesine hem hüjüm gurandygy, hüjümde köp adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy habar berildi.



Degişli Habarlar