Lýaýen Serbiýada Saparda Boldy

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen global dartgynlyklaryň başdan geçirilýän günlerinde giňelmegiň ÝB-niň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup durýandygyny aýtdy.

2058631
Lýaýen Serbiýada Saparda Boldy

Fon der Lýaýen düýn Serbiýanyň Prezidenti Aleksander Wujiç bilen bolan duşuşygyndan soň beýannama berdi.

Lýaýen; “Serbniýanyň bileleşige goşulmagyny isleýäris. Bu teklip iki taraplylyga, ynama we ýaranlyga esaslanýan parahatçylyk hem-de abadançylyk boýunça wadadyr” diýip, Serbiýanyň bu pursatdan peýdalanmagyny tama edýändigini sözleriniň üstüne goşdy.

Fon der Lýaýen Serbiýanyň häzirki wagtda ÝB-ne agzalyk ugrunda öňe barýan esasy ýurtlardan biridigini, emma ÝB-niň Serbiýany ÝB-niň daşary syýasatyna utgaşdyryjy başlangyçlary etmegini isledi. Komissiýanyň Başlygy şeýle hem ÝB-niň Serbiýa ynanmak isleýändigini, umumy ýörelgelera we gymmatlyklara esaslanýan ynamdar ýewropaly ýaran hökmünde görmek isleýändigini beýan etdi.

Wujiç bolsa Serbiýanyň parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamakda ygrarlydygyny, borçlaryny bilýändigini we olary ýerine ýetirjekdigini beýan etdi.

Prezident Wujiç Serbiýa üçin konstitutsiýa bap gelmeýan hiç zady etmejekdigini we Serbiýanyň günbatarly ýaranlaryna bu barasynda ýene-de bir gezek maglumat berendiklerini sözleriniň üstüne goşdy.

Wujiç; “Biziň üçin Kosowanyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi mesele däl we oňa buýsanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar