Hamas Ýesirleri Boşatmakçydygyny Beýan Etdi

Hamasyň ýaragly bölegi Izzeddin al-Kassam brigadalary ellerindäki käbir daşary ýurtly ýesirleri Gazada saklamak islemeýändikleri üçin boşatjakdyklaryny töwellaçylara habar berendiklerini beýan etdi.

2058719
Hamas Ýesirleri Boşatmakçydygyny Beýan Etdi

Kassam brigadalarynyň metbugat Sekretary Abu Ubaýba beren wideo ýüzlenmesinde Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza Sektorunda saklanýan ysraýylly we daşary ýurtly ýesirler hakynda maglumat berdi.

Dürli ýurtlardan gelen talaplara laýyklykda ellerindäki käbir daşary ýurtly ýesirleri Gazada saklamak islemeýändikleri üçin gysga möhletde boşatjakdyklaryny töwellaçylara habar berendiklerini aýdan Abu Ubeýbe; “Biziň olary Gazada saklamaga zerurlygymyz ýok” diýdi.

Ysraýylyň esgerlerinden birini gury ýer operasiýasy arkaly halas edendigi hakyndaky beýanatynyň dogry däldigini aýdan Ubaýba; “Ysraýylyň Izzeddin Kassamyň elindäki ýesiri tapmagynyň mümkin däldigini”, onuň Gaza Sektorunda başga toparlaryň ýa-da adamlaryň elindäki ýesirlerden biri bolup biljekdigini beýan etdi.

Abu Ubaýba; “Binýamin Netanýahu eger-de bir ýesiri bir aýlyk uruşdan soň halas edendigi üçin öwünýän bolsa, Gazadaky galan ýesirleri halas etmegi üçin 20 ýyl gerek bolar” diýdi.

Netanýahunyň Gaza Sektorunda gazanjak ýenilişi bilen syýasy geljegini hem ýok etjekdigini nygtan Abu Ubaýba, Kassam brigadalarynyň Ysraýylyň harby güýçleri bilen çaknyşýandygyna we agyr ýitgi çekendigine ünsi çekdi.

Ysraýylyň goşunlaryna garşy goranyş aksiýalarynyň dowam edýändigini we onuň heniz bir başlangyçdygyny nygtan Ubaýba; “Gaza Sektorunyň duşman üçin gubyr boljakdygyny” aýtdy.



Degişli Habarlar