BMG: "Gazada hassahanalar goralmalydyr" diýdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Gazadaky hassahanalaryň goralmalydygyny, çaknyşyklar üçin ulanylmaly däldigini belledi

2058382
BMG: "Gazada hassahanalar goralmalydyr" diýdi

BMG-nyň metbugat geňeşçisi Stefan Dýužarrik gündelik metbugat ýygnagynda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş müdüri Tedros Adhanom Gebreýesusyň Gazadaky çaknyşyklar zolagynda hasshanalaryň boşadylmagynyň keselli adamlara zyýan ýetirmeden mümkin däldigini aýdandygyny, Baş sekretaryň hem şol sözleriň arkasyndadygyny beýan etdi. 

"Baş sekretar hassahanalaryň nyşana alynmagyna garşy durýar. Hassahanalar goralmaly" diýip aýdan Stefan Dýužarrik hassahanalaryň çaknyşyklar üçin ulanylmaly däldigini, hassahanadaky adamlaryň goralmagynyň zerurdygyny habar berdi. 

Stefan Dýužarrik BMG-nyň Gazada ynsanperwelik ýaraşyk bilen bagly çagyryşlaryny dowam etdirjekdigini we bu ugurda tagalla etmäge dowam etjekdigini mälim etdi. 

Palestinanyň habarlar agentligi WAFA Gazanyň demirgazyk-gündogaryndaky Indoneziýa hassahanasynyň, Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan dolandyrylýan Iýerusalim hassahanasynyň, Gaza Ýewropa hassahanasynyň we Türkiye-Palestina Dostluk hassahanasynyň Ysraýyl tarapyndan nyşana alynandygyny beýan edipdi. 


Etiketkalar: #hassahana , #Ysraýyl , #BMG , #Gaza

Degişli Habarlar