Sergeý Şoýgu Günbatar ýurtlaryna reaksiýa bildirdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Günbataryň Ukraina uruşyny Aziýa-Ýuwaş okean sebitine giňeltmek isleýändigini habar berdi

2057820
Sergeý Şoýgu Günbatar ýurtlaryna reaksiýa bildirdi

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde geçirilen harby forumda çykyş eden rus ministr Sergeý Şoýgu Günbatar ýurtlaryna reaksiýa bildirdi. 

Günbatara "Ukraina uruşyny Aziýa-Ýuwaş okean sebitine giňeltmek isleýär" diýip aýdan Sergeý Şoýgu, NATO-nyň sebitde geçiren harby türgenleşikleirniň ýygylyklaryny we ululyklaryny artdyrandygyny beýan etdi. 

Sergeý Şoýgu Günbataryň Aziýa-Ýuwaş okean sebitinde ýaraglanmak ýaryşynyň içindedigini habar berdi. 

Sergeý Şoýgu ABŞ-nyň Hytaýy we Russiýany eýmendirmek üçin Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilen raketa uçurmak meselesinde maglumatlary paýlaşýandygyny mälim etdi. 

Rus ministr Waşingtonyň klimat krizisini we tebigy apatlary ynsanperwer taýdan goşulmak bahanasy bilen ulanýandygyny öňe sürdi.



Degişli Habarlar