Hindistandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Polisiýa gullugy partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan Dominik Martini göz tussaglygyna aldy

2057883
Hindistandaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Hindistanda ýekşenbe güni geçirilen dini çäre üçin bir ýere jemlenişen hristianlaryň baran kongres merkezinde bolan partlamada ýogalanlaryň sany 3 adama ýetdi. 

Resmiler Ýehowanyň şaýatlary toparyna agza adamlaryň dini çäre geçirmek üçin ýygnanan kongres merkezinde bolan partlamada ýaralananlaryň sanynyň bolsa 50 adama ýetendigini habar berdiler. 

Polisiýa gullugy partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan Dominik Martini göz tussaglygyna aldy. 

Ýehowanyň şaýatlary toparynyň ozalky agzasy bolan Dominik Martiniň polisiýa gullugyna boýun egmeden ozal sosial media platformasy Facebook-da partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alýan wideo paýlaşandygy mälim edildi. 

Dominik Martiniň wideo ýazgyda Ýehowanyň şaýatlarynyň teologiýasynyň ýalňyşdygyny pikir edýändigi üçin partlama amala aşyrandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #partlama , #Hindistan

Degişli Habarlar