Hindistanda iki otly çakyşdy

Hindistanda iki otlynyň çakyşmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 13 adam ýogaldy

2057985
Hindistanda iki otly çakyşdy

Hindistanyň günorta-gündogaryndaky Andra Pradeş welaýatynda 2 otlynyň çakyşmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 13 adam ýogaldy, 50 adam ýaralandy. 

Ýekşenbe güni agşam başdan geçirilen wakada, ýolagçy otlylaryň biri Andra Pradeş welaýatyndaky Alamanda we Kantakapalle şäherçeleriniň arasynda başga bir ýolgçy otlusy bilen çakyşdy. 

Hindistanyň Demirýollar ministrligi wakanyň ilkinji kesgitelemere görä adamyň ýalňyşlygy sebäpli bolandygyny beýan etdi. 

Wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi sosial mediadan beren beýanatynda, waka bilen baglanşykly Demirýollar ministri bilen söhbetdeş bolandygyny we resmileriň wakanyň täsir ýetiren ähli adamlaryna her dürli kömegi berjekdigini habar berdi. 

Iýun aýynda Odişa welaýatynda başdan geçirilen we 3 otlynyň biri-biri bilen çakyşan heläkçilikde 300 adam ýogalypdy. 


Etiketkalar: #otly , #Hindistan

Degişli Habarlar