“Biz Günbatarly Ýurtlar Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”

Şoýgu, Ukraina krizisiniň çözülmegi we Günbatar bilen gatnaşyk etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýardyklaryny aýtdy

2057975
“Biz Günbatarly Ýurtlar Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukraina krizisiniň çözülmegi we Günbatar bilen gatnaşyk etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýardyklaryny aýtdy.

Hytaýda geçirilýän Howpsuzlyk forumynda çykyş eden Şoýgu, “Amatly şert döredilen halatynda syýasy taýdan Ukraina krizisiniň çözülmegi we Günbatar bilen gatnaşyk etmek meselesini ara alyp maslahatlaşyp bileris” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministri, parahatçylygyň ýola goýulmagy we global durnuklylygyň üpjün edilmegi meselesinde ähli ýadro güýçleriň öz jogapkärçiligini ýerine ýetirmelidigini we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalarynyň arasynda deň derejeli gatnaşyk edilmelidigini aýtdy.



Degişli Habarlar