Eýranyň we Kataryň Lideri Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Raisi bilen Şyh Temim telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2057135
Eýranyň we Kataryň Lideri Gazada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin musulman ýurtlarynyň birlikde hereket etmelidigini nygtady.

Eýran tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Raisi bilen Şyh Temim telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Ysraýyl tarapyndan edilýän gyrgynçylyga garşy Palestinanyň halkyna goldaw berilmeginiň ähmiýetini nygtan Raisi, Palestinanyň halkyna goldaw berilmegi meselesinde musulman ýurtlarynyň birlikde hereket etmelidigini belledi.

ABŞ-nyň başda durmagynda Günbatarly ýurtlaryň Ysraýyla berýän goldawyna ünsi çeken Raisi, şol ýurtlaryň Ysraýylyň edýän jenaýatlaryny tassyklaýandygyny ýatlatdy.

Kataryn Emiri Şyh Temim hem ýurdunyň Palestina goldaw berýändigine, Ysraýylyň halkara hukuk kadalaryny basgylaýandygyna we jenaýat etmekden çekinmeýändigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar