“5 Günde Ukraina Degişli 24 Uçary Urup Düşürdik”

Russiýanyň Goranmak ministri Şoýgu, Ukrainanyň harby goşunynyň psihiki ýagdaýynyň gowy däldigini nygtady

2055782
“5 Günde Ukraina Degişli 24 Uçary Urup Düşürdik”

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainanyň harby goşunynyň psihiki ýagdaýynyň gowy däldigini nygtap, “5 günde Ukraina degişli 24 uçary urup düşürdik” diýdi.

Ministr Şoýgu, rus goşunynyň “Gündogar” toparyndaky esgerler bilen duşuşdy.

Ukrainanyň harby goşunynyň mümkinçiliginiň azalýandygyna ünsi çeken Şoýgu, “Şu günki ýagdaý, duşmanyň mümkinçiliginiň gün saýyn azalýandygyny görkezýär” diýdi.

Ukrainanyň harby goşunynyň psihiki ýagdaýynyň gowy bolmandygyny aýdan Şoýgu, “Soňky 3-4 hepdäniň dowamynda meýletin ýagdaýda boýun egen ýada ýesir düşen ukrainaly esgerler, bize Ukrainanyň harby goşunynyň başdan geçirýän ýagdagyny doly görkezýär”diýip belledi.



Degişli Habarlar