Lawrow: Azerbaýjan-Ermenistan Düşnüşmezliginiň Esasy Bölegi Çözüldi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky düşnüşmezligiň esasy böleginiň çözülendigini aýtdy.

2055179
Lawrow: Azerbaýjan-Ermenistan Düşnüşmezliginiň Esasy Bölegi Çözüldi

Lawrow Eýranyň paýtagty Tähranda 3+3 formatyndaky “Günorta Kawkazda Durnukly Parahatçylyk we Durnuklylyk Üçin Sebitleýin Hyzmatdaşlyk Palatformasynyň” maslahatyndan soň žurnalistlere beýannama berdi.

Hem Bakuwyň hem-de Ýerewanyň Garabagyň Azerbaýjana degişlidigi meselesinde ylalaşýandygyny aýdan Lawrow: “Çözülmedik esasy meseledi şoldy. Düşnüşmezligiň esasy bölegi çözüldi” diýdi.

Lawrow indi ýaraşyk şertnamasynyň taýýarlanmagynyň, serhetleriň kesgitlenmeginiň we bökdençsiz aragatnaşyk ugurlarynyň açylmagynyň başda durmagynda gatnaşyklary dolulygyna kadalaşdyrmak üçin praktiki başlangyçlaryň galandygyny nygtady.

Brýusseliň we Waşingtonyň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky serhetleriň kesgitleniş tapgyryna goşulyşmaga çalyşýandygyny aýdan Lawrow, ermeniler we azerbaýjanlylar üçin peýdaly bolan duşuşyklaryň hiç haýsysyna garşy däldiklerini aýtdy.

Lawrow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň serhetleri kesgitlemek üçin rus tarapynyň geňeşdar hökmünde gatnaşmagynda topar döredendigini hem ýatlatdy.



Degişli Habarlar