ABŞ-nyň Goranmak Ministri Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Ostin, Gaza berilýän ynsanperwer kömeginiň dowam etdirilmeginiň we asuda ilatyň goralmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

2055142
ABŞ-nyň Goranmak Ministri Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Gallant bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ostin telefon söhbetdeşliginde Gaza berilýän ynsanperwer kömeginiň dowam etdirilmeginiň we asuda ilatyň goralmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Ysraýyla berýän goranyş kömegi hakynda hem pikir alyşdy.

Hamasyň Kassam atly harby topary, 7-nji oktýabrda “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladandygyny mälim edipdi.

Gazadan Ysraýyla garşy müňlerçe raketa atyldy, ýaragly toparlar hem sebitdäki ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gazada “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Şol günden bäri dowam edýän çaknyşyklarda iki tarapdan hem müňlerçe adam ýogaldy.

 

 


 

 



Degişli Habarlar