Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär

Britaniýanyň paýtagty Londonda Palestinanyň halky bilen arkalaşyk üçin jemlenşen onlarça müň adam polisiň ýokary howpsuzlyk çäreleri astynda ministrler kabinetiniň jaýyna çenli ýöriş geçirdi.

2054317
Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär

Ýurtdaky köp sanly jemgyýetçilik guramalarynyň çagyryşyna laýyklykda Palestina bilen arkalaşyk aksiýasyna gatnaşan demonstrantlar, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini bes etmegini, dessine ylalaşyk yglan edilmegini we Gaza ynsanperwer kömeginiň bökdençsiz geçirilmegine rugsat berilmegi üçin çagyryş etdiler.

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde jemlenşen müňlerçe adam bolsa Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini protest etdi.

Germaniýanyň Keln şäherinde Palestinanyň halky bilen arkalaşyk üçin geçirilen ýörişe müňe golaý adam gatnaşdy.

Taryhy Keln katedralynyň öňünde “Palestina üçin arkalaşyk” temasy bilen geçirilen aksiýa musulmanlaryň ýurtlaryň raýatlary bilen türkler hem gatnaşdylar.

Palestinanyň baýdaklary bilen palestin halkyna goldaw ýüzlenmeleri ýazylan şygarlary göteren demonstrantlar “Palestina azatlyk” şygarlaryny aýtdylar.

Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagt Saraýewoda bolsa müňlerçe adam Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini protest etmek üçin jemlenşdi.

Saraýewonyň taryhy Wiýesnisa kitaphanasynyň öňündäki meýdanda jemlenşen müňlerçe adam, Palestinanyň baýdaklaryny  göterip, Ysraýylyň Gaza hüjümlerini protest etdi.

“Düýn Srebrenisa, bu gün Gaza” ýazylan şygarlaryny göteren demonstrantlar, “Gyrgynçylygy duruzyň we “Palestina azatlyk” şygarlaryny aýtdylar.

 



Degişli Habarlar