Kolumbiýa Palestinada Ilçihana Açar

Prezident Petro, Ysraýylyň we Palestinanyň ýurdundaky ilçileri bilen duşuşdy

2053533
Kolumbiýa Palestinada Ilçihana Açar

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawa Petro, Palestinada ilçihana açjakdyklaryny mälim etdi.

Petro, sosial mediadan beren habarnamasynda Ysraýylyň we Palestinanyň ýurdundaky ilçileri bilen duşuşdygyny mälim etdi.

Ilçiler bilen bolan duşuşygyndan soň Ramallahda ilçihana açjakdyklaryny aýdan Prezident Petro, “Iki garaşsyz we erkin döwletiniň gurulmagyny maksat edinýän halkara tagallalara goldaw berjekdigimi beýan etdim. Asuda ýagdaýda ýaşamak hukugyna eýe bolan ysraýylly we palestinaly çagalara goldaw berjekdigimi nygtadym. Gaza ýörite uçar bilen ynsanperwer kömegini ugradarys. Kolumbiýa, Palestinada Ramallahda ilçihana açar” diýdi.

Kolumbiýanyň Prezidenti Petro, 9-njy oktýabrda sosial mediadan beren habarnamasynda, Ysraýylyň Hamasyň hüjümlerine gaýtawul görkezmek şeklini tankyt edipdi.

Petro, “Palestinaly çagalaryň arkaýyn öýlerinde ýatmaklarynyň ýeke-täk ýoly, ysraýylly çagalaryň arkaýyn ýatmagydyr. Ysraýylly çagalaryň öýlerinde arkaýyn ýatmaklarynyň ýeke-täk ýoly bolsa palestinaly çagalaryň arkaýyn ýatmagydyr” diýipdi.



Degişli Habarlar